Gazagystanyň söwda syýasatyny ösdürmek boýunça merkezi QazTrade Aşgabat şäherinde Gazagystanda öndürilýän harytlary görkezmek üçin hemişelik söwda-sergi meýdançasyny döretmäge girişdi. Täze meýdança türkmen importçylaryna, paýlaýjy kompaniýalara we söwda torlaryna gazak önümleri bilen göni tanyşmaga mümkinçilik berer.
Täze «Gazagystan tekjesiniň» paýtagtyň iri söwda merkezleriniň birinde ýerleşdirilmegine garaşylýar. Häzirki wagtda QazTrade gazak öndürijileriniň önümlerini saýlamak we olaryň nusgalaryny bir ýere jemlemek boýunça işleri alyp barýar.
Ilkinji tapgyrda sergi meýdançasynda gündelik sarp edilýän harytlar, azyk senagatynyň önümleri hem-de uzak wagtlap saklamaga ýaramly önümler görkeziler.
Hemişelik işlejek B2B we B2C görnüşli şourum türkmen telekeçilerine Gazagystanyň öndürijileriniň önümleriniň görnüşleri we hili bilen göni tanyşmaga, işewür gepleşikleri geçirmäge hem-de üpjünçilik boýunça şertnamalary araçylar bolmazdan baglaşmaga şert döreder.
Aşgabatda şeýle meýdançanyň açylmagy Gazagystanyň milli brendlerini Merkezi Aziýanyň bazarlarynda ilerletmäge gönükdirilen QazTrade maksatnamasynyň dowamydyr.
Täze başlangyç iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge we Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam edip biler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.