Ga­za­gys­ta­nyň tä­ze Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň tas­la­ma­syn­da ga­zak di­li anyk we kes­git­li gör­nüş­de döw­let di­li hök­mün­de ber­ki­dil­di. «Ka­zin­form» habarlar agent­li­gi­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, bu ba­ra­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Stra­te­gik bar­lag­lar ins­ti­tu­ty­nyň di­rek­to­ry Žan­dos Şaý­mar­da­now Kons­ti­tu­si­on öz­gert­me­ler bo­ýun­ça ko­mis­si­ýa­nyň mej­li­sin­de mä­lim et­di. Ol bir­nä­çe ra­ýat­la­ryň Esa­sy Ka­nun­da döw­let di­li­niň de­re­je­si ba­ra­da­ky me­se­lä üns be­ren­dik­le­ri­ni bel­le­di. Emma täze Konstitusiýanyň taslamasynda gazak diliniň anyk we kesgitli görnüşde döwlet dili hökmünde berkidilendigini nygtamak örän möhümdir – diýip, Şaýmardanow aýtdy. Ýatlap geçsek, 31-­nji ýanwarda Konstitusion özgertmeler boýunça komissiýa Gazagystanyň täze Konstitusiýasynyň taslamasyny köpçülige hödürläpdi. Täze Esasy Kanunyň birinji taslamasy girişden (Preambula), 11 bölümden we 95 maddadan ybaratdyr. Üýtgetmeler we goşmaçalar Konstitusiýanyň tekstiniň 84%­ ine täsir edýär. Özgertmeleriň esasy ugurlaryna bir palataly parlamente – Gurultaýa geçilmegi, wise­prezident wezipesiniň döredilmegi we Halk Geňeşiniň döredilmegi degişlidir. Gazagystan Respublikasy unitar döwlet bolmagynda galýar, dolandyryş formasy bolsa Prezident Respublikasy diýlip kesgitlenildi.