
Gyşyň gar-ýagyşy ýetik häzirki günlerinde ýagyn ýuwan ýollarda, sözüň doly manysynda, tämizlik, gözellik höküm sürýär. Şunuň netijesinde ýolagçylar üçin hem, sürüjiler üçin hem gyş şertleri bökdençlik döretmeýär. Lebap welaýat häkimliginiň Jemagat hojalygy birleşiginiň işgärleri kämil tehnikalar bilen gije-gündiz abadançylygyň, arassaçylygyň aladasynda. Ýadamany-ýaltanmany bilmeýän birleşigiň işgärleri durmuşymyzy gözelleşdirýärler.
Howlukmaç işe barýarkak, köçäniň ugrunda arassaçylyk işlerini geçirip ýören jemagat hojalygy işgärlerine näçämiz üns berdikkäk?! Ýa näçämiz olaryň işiniň ähmiýeti barada oýlandykkak?! Bu sowala her kim özüçe jogap berer, ýöne hemmeleriň biragyzdan kabul etmeli bir hakykaty bar. Jemagat hojalygy işgärleri durmuşymyzyň gahrymanlary. Diňe bir üns bermek bilen çäklenmän, olaryň işine hormat goýmaly, başarsak, ýardam bermeli. Nädip? Ýaşaýan şäherimiziň, obamyzyň abadançylygyny özümiz gorap saklamaly. Şahyryň:
— Kimde kim bir agaç ekse ýadygär,
Dünýä kitabynda onuň ady bar — diýşi ýaly, her kim elindäki zibili parhsyz oklap goýbermegiň ornuna, elindäki gaby ýörite zibil gutusyna oklasa, jemagat hojalygy işgärleriniň işi ep-esli ýeňilleşerdi. Garly günde öýüň daş-töweregini arassalamak hem olar üçin kömek.
Hormatly Prezidentimiz olary goldamagyň, olara ýardam bermegiň uly göreldesini görkezýär. «Welaýatymyza jemagat hojalygy ulaglarydyr tehnikalarynyň, olaryň ýöriteleşdirilen enjamlarynyň 150-ä golaýy geldi» diýip, habar berenimize bir aý hem geçenok. Ýöne eýýäm Türkmenabadyň haýsy künjüne barsaň, täze gelen ulaglara, tehnikalara gözüň düşýär. Şäher häkimliginiň Arassaçylyk müdirliginiň baş inženeri Serdar Makgyýewiň gürrüň berşi ýaly, täze gelip gowşan ulaglardyr tehnikalar hojalygyň işgärleriniň işini ep-esli ýeňilleşdirdi. Şäherde ilkinji gezek köçeleri özi ýuwup, özi süpürýän tehnikalar peýda boldy. Gelip gowşan zibil konteýnerleri şäherde ozal bar bolanlarynyň üstüni ýetirip, dürli ýaşaýyş jaý toplumlarynda ýerleşdirildi. Ulaga ýeňillik bilen mündürip bolýan konteýnerler amatlylygy bilen aýratyn tapawutlanýar.
Häzirki wagtda welaýat häkimliginiň Jemagat hojalygy birleşiginde abadançylygyň goragçylarynyň 3700-den gowragy zähmet çekýär. Olar etrap-şäher häkimlikleriniň ýanyndaky jemagat hojalygy müdirlikleriniň düzüminde ir säherden giç agşama çenli abadançylygyň, arassaçylygyň, gözelligiň goragynda. Täze gelip gowşan tehnikalar olaryň işiniň önjeýli bolmagyna uly goşant goşdy.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, täze tapgyrda Hytaý Halk Respublikasynyň «Infore Enviro», «Zoomlion» we «Dongfeng» kompaniýalarynda öndürilen ulaglardyr tehnikalar gelip gowuşdy. Olaryň käbiriniň artykmaçlyklary barada aýratyn aýtmak gerek. Mysal üçin, ýokarda gürrüňini eden konteýnerlerimize göwrümi 20 kub metre çenli bolan zibil ýerleşip bilýär. Munuň özi şäherde ozal oturdylan zibil gutularyndan birnäçe esse uludyr. Täze tapgyrda gelen 26 orunlyk 10 sany awtobus bolsa hojalygyň işgärleri üçin has uly sowgat boldy.
Ýöriteleşdirilen çeleklerine 660 litre çenli zibil we 180 litre çenli arassa suw ýerleşdirip bilýän awtoulaglar bu gün welaýat merkezindäki köçeleri göwnejaý arassalap we ýuwup bilýär. Göteriji enjamy bolan ýol ýuwujy awtoulag, göçme ussahana, gidrogaldyryjy, suw daşaýjy we ýol ýuwujy, zeý suwlaryny sorujy, 25 tonna çenli agyrlykdaky ýükleri göteriji, lagym ulgamlaryny arassalaýjy we beýleki awtoulaglardyr tehnikalar hem birleşigiň işgärleriniň ygtyýarynda.
Oba-şäherlerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barýar. Her güni bedew batly ösüşlere beslenýän şanly ýylyň ilkinji aýynda jemagat hojalygynyň tehnikalarynyň üstüniň ýetirilmegi, olaryň kömegi bilen hojalygyň işgärleriniň ýylyň islendik paslynda bezeg güllerini ösdürip ýetişdirmekleri oba-şäherlerimiziň toý lybasyna eýýäm beslenendigini görkezýär. Bu gözelligi dörediji merdanalara herimiz hoşallyk bildirýäris.
Keywords