
2026-njy ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda şanly waka boldy. Gullugyň Okuw merkezinde hünär taýýarlygyny üstünlikli tamamlan ýaş harby gullukçylara ýörite güwänamalary gowşurmak we olara ilkinji ofiser harby atlaryny dakmak dabarasy geçirildi.
Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň Düzgünnamasyna laýyklykda guralan bu okuwlar iki aýlap dowam etdi. Şu ýylyň 2-nji martynda başlanan täze okuw tapgyrynyň dowamynda ýaş hünärmenler gümrük işiniň inçeliklerini we harby düzgün-nyzamyň esaslaryny çuňňur özleşdirdiler.
Okuw maksatnamasynyň esasy aýratynlygy nazaryýetiň tejribe bilen utgaşdyrylmagy boldy. Halypa gümrükçileriň ýolbaşçylygynda ýaşlar:
Okuwyň ahyrynda geçirilen hünär synaglaryndan ýokary görkezijiler bilen geçen ýaş gullukçylara ilkinji ofiser harby atlary dakyldy. Dabaranyň iň täsirli pursady bolsa ýaş ofiserleriň harby kasam kabul etmegi boldy.
Ýaş gümrükçiler dabaraly ýagdaýda Watanymyza, halkymyza we Hormatly Belent Serkerdebaşymyza wepaly gulluk etjekdiklerine tüýs ýürekden ynandyrdylar. Olar ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmekde, gümrük serhetleriniň bitewüligini goramakda öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri ak ýürekden ýerine ýetirjekdiklerini nygtadylar.
Bu çäre türkmen gümrükçileriniň täze nesliniň kemala gelýändiginiň, ýurduň goranyş we ykdysady kuwwatynyň bolsa berk hünärmenlere bil baglaýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Keywords