Önüm­çi­li­gi­ni Le­bap we­la­ýaty­nyň Köý­ten­dag et­ra­byn­da­ky döw­re­bap top­lu­myn­da alyp barýan «Sa­bur, Ti­mur Ta­şew­ler» husu­sy kär­ha­na­sy Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler birleş­me­si­niň ne­ti­je­li işi bi­len ta­pawut­lan­ýan ag­za­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu ýer­de gur­lu­şyk ha­ryt­la­ry ön­dü­rilýär. Hu­su­sy kär­ha­na­da de­mir-beton pli­ta­lar, ýe­lim, gur­lu­şyk gip­si, pli­ta gip­si, hek, gu­ry gur­lu­şyk garyn­dy­la­ry, gip­so­kar­ton ýa­ly dür­li önüm­le­riň önüm­çi­li­gi ýo­la goý­lup, bu ha­ryt­lar müş­de­ri­le­riň uly is­legin­den peý­da­lan­ýar. Ýo­ka­ry hil we yg­ty­bar­ly­lyk sarp edi­ji­le­riň şu önüm­le­ri saý­la­ma­gy üçin de­ger­li de­lil­dir. Mun­dan baş­ga-da, bu ýer­de teh­ni­ki duz­la­ryň önüm­çi­li­gi al­nyp ba­ryl­ýar. Kär­ha­na­nyň önüm­çi­lik tej­ribe­si­niň 25 ýy­la go­laý­la­ýan­dy­gy onuň hi­liň we yg­ty­bar­ly­ly­gyň ýoka­ry de­re­je­si­ni ga­zan­ma­gy­nyň ma­ny-maz­mu­ny­ny açyp gör­kezýär. Hä­zir­ki wagt­da önüm­çi­lik top­lu­my­nyň döw­re­bap teh­no­logi­ýa­lar bi­len üp­jün edi­len­di­gi­ne hem aý­ra­tyn ün­si çek­me­li­di­ris. Şun­luk­da, bu ýer­de önüm­çi­lik san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri ar­ka­ly, has ta­ky­gy, komp­ýuter­leş­di­ri­len prog­ram­ma­nyň üs­ti bi­len do­lan­dy­ryl­ýar. Işler tu­tuş­ly­gy­na aw­to­mat­laş­dy­ry­lyp, tap­gyr­la­ryň her bi­ri ope­ra­tor tara­pyn­dan ut­gaş­dy­ryl­ýar. Önüm­le­riň hi­li­niň dün­ýä ülňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän­di­gi kärha­na­da hö­dür­len­ýän ha­rytla­ryň mö­hüm aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. Şun­luk­da, hu­su­sy kär­ha­na­nyň ön­dür­ýän önüm­le­ri bar­lag­dan ge­çi­ri­lip, ýö­ri­te şa­ha­dat­na­malar bi­len res­mi­leş­di­ril­ýär. Bu ýer­de ön­dü­ril­ýän plit­a üçin gips 20 ki­log­ram­lyk, reňk­den öň ula­nyl­ýan su­wag bol­sa 30 kilog­ram­lyk gap­la­ra gap­la­nyl­ýar. «Sa­bur, Ti­mur Ta­şew­ler» hu­su­sy kär­ha­na­sy ýer­li çig mal­lar­dan taý­ýar­la­nyl­ýan gurlu­şyk ha­ryt­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi­niň gör­nüş­le­ri­ni we möç­be­ri­ni artdyr­mak­da hem ynam­ly ga­damla­ry­ny iş­jeň­leş­dir­ýär. Çün­ki ýer­li gips bu önüm­çi­lik üçin esa­sy çig mal­dyr. El­bet­de, Di­ýa­ry­myz­da baý gor­la­ry bo­lan te­bi­gy çig mal se­riş­de­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mä­ge ýö­ri­te­leş­di­ri­len döw­re­bap kär­hana­la­ryň dö­re­dil­me­gi im­por­tyň or­nu­ny tut­ýan ha­ryt­la­ryň önümçi­li­gin­de we ola­ryň gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­mak­da ta­ry­hy ädim­dir. Mu­nuň özi mil­li yk­dy­sa­dy­ýeti­mi­ziň eks­port müm­kin­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Top­lum­da öz işin­den ýo­ka­ry de­re­je­de baş çy­kar­ýan iş­çi-hünär­men­le­riň 110-dan gow­ra­gy zäh­met çek­ýär. Bu bol­sa iş­leriň öz wag­tyn­da hem ýo­ka­ry iş­jeň­lik­de al­nyp ba­ryl­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. Şeý­le saz­la­şy­gyň ýo­la go­ýul­ma­gy ge­lip go­wuş­ýan bu­ýur­ma­la­ryň­dyr sar­gyt­la­ryň her bi­ri­niň öz wag­tyn­da taý­ýarla­nyl­ma­gy­ny we müş­de­ri­le­re ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek­de mö­hüm ädim bo­lup dur­ýar. «Sa­bur, Ti­mur Ta­şew­ler» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň önüm­le­ri di­ňe ýer­li ba­zar­da ýer­le­nil­mek bi­len çäk­len­me­ýär. Ýo­ka­ry hil­li ha­ryt­la­ra da­şa­ry ba­zar­da hem uly is­leg bil­di­ril­ýär. Bu ha­ky­kat onuň önüm­le­ri­niň Ga­za­gys­ta­na, Öz­be­gis­ta­na, Er­me­nis­ta­na we Gru­zi­ýa eks­port edil­me­gin­de hem aý­dyň şöh­le­len­ýär.