
Hytaý Halk Respublikasynyň Söwda ministrligi ugurdaş edaralar bilen bilelikde daşary ýurt raýatlary üçin salgytlary yzyna gaýtarmak (tax free) ulgamyny giň gerimli optimizirlemek barada bildiriş çap etdi. Çäreler toplumy daşary ýurtly myhmanlar üçin söwda amallaryny ýönekeýleşdirmäge we ýurda gelýän syýahatçylaryň akymyny höweslendirmäge gönükdirilendir. Maksatnama ýöriteleşdirilen dükanlaryň toruny giňeltmegi, resminama dolanyşygyny elektron formata geçirmegi we serişdeleri şol pursatda yzyna gaýtarmak hyzmatyny ösdürmegi göz öňünde tutýar.
Täze düzgünlere laýyklykda, Hytaýyň sebit häkimiýetlerine esasy söwda etraplarynda, syýahatçylyk zolaklarynda we serhet geçiş nokatlarynda tax free söwda nokatlarynyň iň ýokary derejede elýeterliligini üpjün etmek tabşyryldy. Şu ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, bahasy 10 müň ýuandan az bolan satyn almalar boýunça salgydy yzyna gaýtarmak baradaky arzalary saýlama görnüşde barlamak tejribesi girizilýär. HHR-nyň gümrük we salgyt edaralary töleg çeklerini onlaýn tassyklamak ulgamyna geçýärler, bu bolsa kagyz göterijilerden doly ýüz döndürmäge mümkinçilik berer.
Mundan başga-da, salgyt şol pursatda yzyna gaýtarylandan soň, ýurtda galmaga rugsat berilýän möhletiň 28 güne çenli uzaldylandygy habar berilýär. Şeýle hem, tax free ulgamynyň ýörite hyzmat ediş zolaklaryny Hytaýyň çäginde geçirilýän iň iri halkara sergileriň çäklerinde yzygiderli esasda döretmek meýilleşdirilýär.
Keywords