
Hytaýly hünärmenler pomidoryň popkorn ysly görnüşini ösdürip ýetişdirdiler. Bu pomidor Hytaý Halk Respublikasynyň gündogaryndaky Çženszýan welaýatynda synag ýyladyşhanasynda ýetişdirildi. Pomidoryň täze görnüşi barada Oba hojalyk ylmy gözlegleriniň biotehnologiýa barlag institutynyň merkezi laboratoriýasynyň direktorynyň orunbasary Sýuý Şençun beýanat bilen çykyş etdi. «South China Morning Post» gazetinde bu alymyň «Şeýle ysly pomidoryň oýlanyp tapylmagy döwrebap alyjylaryň islegini kanagatlandyrar we ýokary bahadan satylar diýen maksatdan ugur aldyk. Bu tagamy alanymyzda pomidoryň hasyllygyna hiç hili zeper ýetmedi» diýen sözleri getirilýär. Ylmy barlagyň barşynda alymlar iki sany ys genini petikläpdirler. Şondan soňra pomidor özüne mahsus bolmadyk ys bölüp çykaryp başlapdyr. Ol ys bolsa edil ýagda gowrulan gyzgynjak popkornyň ysyna çalymdaş bolup çykypdyr. Pomidor dünýäniň ähli aşhanasynda diýen ýaly uly islegli gök önümidir. Pomidoryň dürli görnüşleriniň üstünde işleýän hytaý hünärmenleri şu islegleriň aňyrsynda ýitip barýan bir hakykatyň barlygyna üns beripdirler. Bu-da pomidorlaryň adaty tagamlary we yslary ýuwaş-ýuwaşdan ýitmegi. Indi alymlar pomidory häsiýetli tagamlar we yslar bilen baýlaşdyrmagy maksat edinýärler. «Pomidoryň bu täze görnüşiniň gülleýän wagty, boýy, hasylyň agramy, düzümindäki şekeriň we organiki turşulygyň derejesi üýtgewsizligine galdy» diýip, hytaý hünärmenleri gürrüň berdiler.
Keywords