
Instagram durmuş ulgamy 6-njy maýdan başlap platformany botlardan, spam we işjeň bolmadyk galp akkauntlardan arassalamak boýunça giň gerimli işlere başlady. Bu çäre dünýäniň iň meşhur ýyldyzlarynyň abunaçylar sanyna ep-esli täsir etdi.
Arassalaýyş işleriniň netijesinde dünýä belli şahsyýetler millionlarça yzarlaýjysyndan mahrum boldular.
8 million yzarlaýjysyny ýitirendigine garamazdan, meşhur futbolçy Kriştianu Ronaldu umumy 666 million abunaçysy bilen Instagram platformasynda dünýä boýunça birinji orundaky ornyny saklap galdy. Bu görkeziji onuň heniz hem iň köp yzarlaýjysy bolan şahsyýetdigini tassyklaýar.
Instagramyň wekilleri bu çäräniň esasy maksadynyň platformadaky hakyky däl we galp işjeňligi aradan aýyrmakdygyny belleýärler. Şol sebäpli, adaty ulanyjylaryň hem yzarlaýjy sanynda birnäçe adamyň azalmagy mümkin. Hünärmenler munuň hakyky adamlaryň yzarlamany bes etmegi däl-de, awtomatiki ulgam tarapyndan pozulan «hereketsiz» akkauntlardygyny aýdyp, aladalanmaga esas ýokdugyny bildirýärler.
Keywords