
Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäheriniň iň esasy simwollarynyň biri bolan teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýörite baýramçylyk çyralary bilen yşyklandyryldy. 17-nji maýdan 18-nji maýa geçilýän gije belent bina türkmen baýdagynyň ýaşyl we gyzyl reňkleri bilen lowurdady.
Bu simwoliki çäre iki ýurduň arasyndaky taryhy dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň, şeýle hem medeni-ynsanperwer arabaglanyşygyň belent derejesiniň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Tbilisiniň iň görnükli ýerinde Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynyň reňkleriniň şöhlelenmegi gruzin halkynyň türkmen döwletiniň gymmatlyklaryna we milli baýramyna bolan çuňňur sarpasyny we edep-ekramyny görkezýär.
Soňky ýyllarda türkmen-gruzin gatnaşyklary syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda täze hilde ösdürilýär. Dostlukly ýurduň paýtagtynda amala aşyrylan bu gözel pursat iki halkyň birek-birege bolan ynamynyň we geljege gönükdirilen hyzmatdaşlygynyň has-da berkemegine goşant goşýar.
Keywords