
Koreýa Respublikasy dünýäde ilkinji bolup emeli aň baradaky hemmetaraplaýyn kanuny döreden döwlet boldy. Ýurtda «Emeli aňyň esaslary hakynda» kanun («AI Basic Act») güýje girdi diýip, «The Wall Street Journal» neşiri habar berdi.
Resminama 6 bölümden ybarat bolup, 43 maddany öz içine alýar. Kanunda kompaniýalar isleg bildirilen ýagdaýynda, EA (Emeli Aň) ulgamlarynyň işleýiş logikasyny düşündirmäge we adamyň bu işe goşulmagyna mümkinçilik döretmäge borçly edilýär.
Şeýle hem, eger hyzmat emeli aň algoritmleri esasynda işleýän bolsa, kompaniýalar bu barada ulanyjylara (meselem, ekranda peýda bolýan duýduryşlar arkaly) habar bermelidirler. Bu düzgün, şol sanda karz alyjylaryň we işe girmäge dalaşgärleriň ukyplaryna baha berýän ulgamlar üçin hem degişlidir.
Hakyky durmuşdan tapawutlandyryp bolmaýan, emeli aň tarapyndan döredilen mazmunlarda ýörite duýduryşlar ýerleşdirilmelidir. Mundan başgada, kanun ýurtda emeli aňyň ösüşini goldamagyň ýollaryny hem kesgitleýär.
Keywords