Koreýa Respublikasynyň «Diplomatiýa» žurnalynyň Türkmenistana bagyşlanan ýörite sany çap edildi.

Žurnalyň bu sany Türkmenistanyň ilçihanasy bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanyldy we onda ýurduň esasy halkara başlangyçlary, diplomatik işleri hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi beýan edilýär.

Makalalarda 2025‑nji ýylyň möhüm wakalaryna, şol sanda Türkmenistanyň BMG-niň çäklerindäki başlangyçlaryna, Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli halkara forumlaryna we parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen Bütindünýä dialoga aýratyn üns berilýär.

Žurnalda türkmen‑koreý gatnaşyklarynyň ösüşine: ýokary derejeli duşuşyklara, resmi saparlara we iki ýurduň arasynda ýola goýlan ilkinji göni ýolagçy gatnawlarynyň açylmagyna hem aýratyn orun berilýär.

Mundan başga-da, neşirde ykdysady, medeni we diplomatik hyzmatdaşlyk barada reportažlar ýerleşdirilendigi barada Türkmenistanyň daşary işler edarasynyň saýtynda habar berilýär.