
Raýatlaryň dykgatyna
Türkmenabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenabat şäheriniň Magtymguly köçesiniň 2-nji jaýynda 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär. Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini; işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris. BIZIŇ SALGYMYZ: Türkmenabat şäheriniň Magtymguly köçesiniň 2-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: +993(422) 3-17-28.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde we 9-njy maýynda «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.
«Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara institutda alnyp barylýan işler, şeýle hem taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler barada giňişleýin maglumat berler. «Açyk gapylar» günleri aşakda görkezilen salgyda sagat 15.00-da başlanýar. SALGYSY: Türkmenabat şäheri, Şabende köçesiniň 7-nji jaýy. Telefon belgilerimiz: (8422) 3-04-21; 3-67-02; 3-25-44. Giňişleýin maglumatlar bilen (www.tdmugi.edu.tm) web saýtynda tanşyp bilersiňiz.
Welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň dykgatyna
2026-njy ýylyň 2-nji we 16-njy aprelinde welaýat adalat bölüminiň we adalat edaralarynyň ulgamyna girýän beýleki gulluklaryň, prokuratura, kazyýet edaralarynyň jogapkär işgärleriniň hem-de adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişliginiň geçiriljekdigini habar berýäris. Kabul edişlik Türkmenabat şäheriniň A.Nyýazow köçesiniň 8-nji jaýynda — welaýat adalat bölüminiň edara binasynda sagat 17:30-dan 19:00-a çenli aralykda geçiriler. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993422 3-20-54.
Keywords