IŞE ÇAGYRÝARYS

Türkmenabatdyň pagta egriji fabrigi raýatlary aşakdaky hünärlere işe çagyrýar:

  1. Daraýjy enjamlaryň operatory;
  2. Lentalaýjy enjamyň operatory;
  3. Gönüleýji enjamyň operatory;
  4. Egriji maşynlaryň operatory;
  5. Önümleriň ýygnaýjysy;
  6. Saraýjy enjamyň operatory;
  7. Galyndy presleýji;
  8. Gaplaýjy;
  9. Awtoklawçy.
  10. Awtoelektrokaryň sürüjisi;
  11. Ýükçi.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 8(422) 4-16-21, 4-14-22, 4-14-24.

RAÝATLARYŇ DYKKATYNA

Dänew etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 24-nji martynda Dänew etrabynyň Parahat oba medeniýet öýünde 11:00-dan 13:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Kärhanalaryň, edara-guramalaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resmi namasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resmi namasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

BIZIŇ SALGYMYZ: Dänew etrabynyň Parahat geňeşliginiň Parahat obasynyň H.Babakulyýew köçesiniň 11-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: (800446) 3-19-49.

Türkmen oba hojalyk instituty 2026-2027-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde we 9-njy maýynda «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.

«Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara ýokary okuw mekdebinde al nyp barylýan işler, şeýle hem hünärler we taýýarlyk ugurlary, okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak babatda döredilen şertler barada giňişleýin maglumat berler.

«Açyk gapylar» günleri welaýatymyzyň ýaşlary üçin Türkmenabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde sagat 10:00-da başlanýar.

Türkmen oba hojalyk instituty barada maglumatlar bilen www.tohi.edu.tm web saýtynda tanyşyp bilersiňiz.

Salgymyz: Türkmenabat şäheriniň Zelili köçesiniň 1-nji «A» jaýy.

Telefon belgilerimiz: 8(422) 9-89-56; 9-87-71; 9-88-12.