Welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

2026-njy ýylyň 5-nji we 19-njy martynda welaýat adalat bölüminiň we adalat edaralarynyň ulgamyna girýän beýleki gulluklaryň, prokuratura, kazyýet edaralarynyň jogapkär işgärleriniň hem-de adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişliginiň geçiriljekdigini habar berýäris. Kabul edişlik Türkmenabat şäheriniň A.Nyýazow köçesiniň 8-nji jaýynda — welaýat adalat bölüminiň edara binasynda sagat 17:30-dan 19:00-a çenli aralykda geçiriler.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993422 3-20-54.

******

Işe çagyrýarys!

Türkmenabat halkara howa menzili aşakdaky boş iş orunlary boýunça hünärmenleri işe çagyrýar:

— inžener-elektrik — ýokary bilimli, azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolmaly;

— elektromontýor — degişli okuwy geçen, azyndan 3 ýyl iş tejribesi bolmaly;

— bag ekmek we abadanlaşdyryş işleri boýunça işçi;

— ýangyndan halas ediji, harby gullugy geçen we azyndan başlangyç hünär bilimi bolmaly;

— awiasiýada gorag boýunça gözegçi, harby gullugy geçen we azyndan başlangyç hünär bilimi bolmaly;

— slesar-abatlaýjy — hünäri boýunça degişli okuwy geçen bolmaly.