
Ýurdumyzy toplumlaýyn ösdürmek, edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Kämil tehnologiýalaryň öndürijilikli işine, zamanamyzyň innowasion işläp taýýarlamalaryna daýanýan döwrebap kärhanalar milli ykdysadyýetimizi has-da kuwwatlandyryp, ösüşleriň täze belentliklerine çykarýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan kuwwatly tehnikalaryň tapgyrlaýyn getirilmegi ýokary netijeli zähmet ýeňişlerini üpjün edýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly welaýatymyzyň suw hojalykçylary üçin hem düşümli boldy. Hormatly Prezidentimiziň adyndan «Lebap Altyn Asyr Türkmen köl gurluşyk» dolandyryş kärhanasyna sowgat berlen kämil tehnikalar kuwwatlylygy, hyzmat ediş aýratynlyklary, işletmek üçin döredilen amatlylyklary bilen tapawutlanýar. Has takygy, kärhana Hytaý Halk Respublikasynyň «Shantui» kompaniýasynyň önümi bolan ekskawatorlaryň 28-si we buldozerleriň 7-si gelip gowuşdy. Şunda ekskawatorlaryň susgujynyň 0,43 kub metrden 1,05 kub metre çenli ýetýändigini, buldozerleriň kuwwatynyň bolsa 162 at güýjüne barabardygyny aýratyn nygtamak gerek.
Bulardan başga-da kärhana SITRAK kompaniýasynyň önümi bolan hyzmat ediji awtoulagyň we wahta awtobusynyň her haýsyndan biri, ýangyç guýujy ulaglaryň 2-si, tirkeg çekiji awtoulaglaryň 3-si hem-de tirkegleriň 3-si getirildi.
Şeýle döwrebap täze tehnikalaryň üpjün edilmegi bilen esasy wezipe suw gurluşyk işleriniň hilini ýokarlandyrmakdan hem-de pudagyň hyzmat ediş mümkinçiliklerini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bellenilişi ýaly, döwlet syýasatynda ulgamyň işiniň kämilleşdirilmegine, tehniki binýadynyň berkidilmegine aýratyn uly üns berilýär. Döwrüň talabyny ödeýän kämil tehnikalaryň yzygiderli üsti ýetirilýär. Munuň özi döwletimiziň ykdysady kuwwatyndan, degişli düzümleriň işini kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan tutumly işlerden habar berýär.
Keywords