
Dünýä bahar baýramyna garaşýan wagty, astronomlar hiç wagt solmajak güllere seretmegi teklip edýärler. Roskosmos astrofotograf Nikolaý Wdowiniň düşüren dumanlyklarynyň täsin suratlaryny paýlaşdy. Olaryň arasynda Ak guş (Лебедь) ýyldyz toparyndaky näzik reňkli "Lüle" (Тюльпан) we diametri 100 ýagtylyk ýylyndan gowrak bolan ägirt uly "Rozetka" bar. Bu älem desgalary ýaş ýyldyzlaryň şöhlesi astynda wodorodyň nurlanmagy netijesinde gül şekline girýärler. Bu "irisleriň" we "ýüreklere" meňzeş şekilleriň aňrysynda täze ýyldyz ulgamlarynyň döreýiş we grawitasiýa gysylma ýaly ägirt uly kosmos hadysalary ýatyr.
Çeşme: Наука Mail, Roskosmos, Amul Info
Keywords