
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary agentliginiň Mary welaýatyndaky «Maryawtoulag» önümçilik birleşigi ilata hödürlenýän ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we gerimini giňeltmek maksady bilen, dürli ugurlar boýunça sürüjileri işe kabul edýär.
Kärhana häzirki wagtda döwrebap ulag parkynda zähmet çekmäge isleg bildirýän hünärmenler üçin täze iş orunlaryny hödürleýär. Isleg bildirýän sürüjiler aşakdaky ulag kysymlary boýunça degişli wezipelere ýerleşip bilerler:
Bu çäre welaýatyň ilatyna edilýän ýol-ulag hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitde döwrebap ulag-logistika merkezine öwrülmegi we awtomobil parklarynyň yzygiderli täzelenmegi täze iş orunlarynyň döredilmegine giň mümkinçilik açýar.
Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, halkara standartlara laýyk gelýän ýollaryň gurluşygy we ulag üpjünçiliginiň artdyrylmagy Mary welaýatynyň ulag düzümini ösdürmekde möhüm orun tutýar. «Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň täze hünärmenleri işe çagyrmagy hem bu ugurdaky strategik özgertmeleriň aýdyň bir bölegidir.
Işe girmek we goşmaça şertler barada maglumat almak isleýän raýatlar aşakdaky telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilerler:
Telefon: +993 63 832676
Keywords