
Gyrgyz Respublikasynda ilkinji «Elite» halkara olimpiadasy geçirilýär. Bu olimpiada dolulygyna «ielts» standarty boýunça işlenip düzüldi.
Halkara olimpiada okuwçylara eýýäm mekdep ýyllarynda akademiki iňlis dilini kämilleşdirmäge kömek eder. Okamagy, hat ýazmagy, sözlük goruny hem-de tekstlere doly düşünmägi ösdürer. Olimpiada 22-nji fewralda onlaýn formatynda geçirilýär. Oňa 3-nji synpdan 12-nji synpa çenli bolan mekdep okuwçylary gatnaşyp bilerler.
Finalçylaryň ählisiniň, şol sanda altyn, kümüş we bürünç medallara eýe bolan gatnaşyjylaryň tomus aýlarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hem-de Awstraliýada guraljak final raunda gatnaşmak mümkinçiligine eýe boljakdygyny ýatladýarys.
Habarlaşmak üçin: @bilimtech_kg
Keywords