
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň giňden dabaralandyryljak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şu günlerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Alym Joraýewe degişli kärhanada täze tort we konditer önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda ýerleşýän bu kärhananyň agzybir işgärleri halkymyzyň iň uly isleg bildirýän süýjüliklerini «Her gün» haryt nyşany bilen taýýarlaýarlar. Täze önümleriň eýýäm welaýatyň söwda nokatlaryna ugradylyp başlanmagy bu ýerde işleriň guramaçylykly we sazlaşykly ýola goýlandygyny tassyklaýar. Bilşimiz ýaly, bu kärhana ýurdumyzyň gündogar sebitinde süýt we süýt önümleriniň önümçiligi bilen giň meşhurlyga eýe boldy. Milli aşhanamyzda, aýratyn-da, kökelerdir süýjülikler taýýarlananda möhüm hasaplanýan gatyk, kefir, gaýmak ýaly önümler kärhananyň esasy öndürýän harytlarydyr. Häzirki wagtda bu ýerde her günde sygyr süýdüniň 2,5 tonnasy gaýtadan işlenilip, ondan ýokary hilli dorag, peýnir we beýleki süýt önümleri taýýarlanylýar. Önümçilik bölümlerine ornaşdyrylan döwrebap tehnologiýalar önümleriň ýokary hil talaplaryna laýyk bolmagyny üpjün edýär. Süýt önümleriniň gaplanylyşyndan başlap, täze ýola goýlan tort we konditer önümleriniň taýýarlanylyşyna çenli ähli tapgyrlar döwrebap usullar arkaly amala aşyrylýar. Munuň özi önümleriň alyjylara ýokary hilli ýetirilmegine mümkinçilik berýär. — Kärhanamyzda arassaçylyk-sanitariýa düzgünleriniň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär. Hünärmenlerimiz tarapyndan her bir taýýarlanylýan önümiň düzümi, tagamy we saklanyş möhleti yzygiderli barlagdan geçirilýär. Biziň maksadymyz haryt nyşanymyzyň «Her gün» adyndan belli bolşy ýaly, her bir maşgalanyň saçagyna elmydama iň tagamly, ýokumly we elýeterli önümleri hödürlemekden ybaratdyr — diýip, telekeçi Alym Joraýew nygtaýar. Ýurdumyzyň içerki sarp ediş bazarlaryny ýerli önümler bilen doly üpjün etmek hususy pudagyň wekilleriniň öňünde durýan esasy wezipedir. Şundan ugur alyp, telekeçi geljekde-de täze önümler bilen müşderileri begendirmegi maksat edinýändigini buýsanç bilen nygtaýar hem-de hususy ulgamyň işiniň ilerlemegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýar.
Keywords