
Russiýanyň meşhur «Miratorg» agro-senagat holdingi Türkmenistanyň sarp edijilerine hödürleýän önümleriniň assortimentini has-da giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň eksport boýunça esasy menejeri Natik Mamedow sişenbe güni Aşgabatda işine başlan «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisiniň dowamynda habar berdi.
Kompaniýa wekiliniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň söwda nokatlarynda hödürlenýän taýýar we ýarym taýýar önümleriň gerimi ep-esli giňeler. Hususan-da:
Natik Mamedow «Miratorgyň» Türkmenistanyň bazaryndaky işinde ýerli sarp edijileriň isleglerini doly nazara alýandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, türkmenistanlylar etiň baý tagamly we ýokary hilli görnüşlerine aýratyn üns berýärler. Şol sebäpli hem kompaniýa özüniň guş etinden taýýarlanan naggetsler toplumyny öňdebaryjy söwda torlary arkaly ýetirmegi dowam edýär.
Holding Türkmenistanda diňe adamlar üçin azyk önümlerini däl, eýsem öý haýwanlary üçin niýetlenen ýörite iýmleri hem işjeň hödürleýär. Bu önümleriň aýratynlygy, olaryň düzüminde «Miratorgyň» öz hojalyklarynda öndürilen hakyky etiň mukdarynyň örän ýokary bolmagydyr.
Häzirki wagtda holding Türkmenistanyň iri söwda torlary, şol sanda «Halk Market» bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle hem kompaniýa ýerli şöhlat we ýarym taýýar önüm öndürijilerini ýokary hilli çig mal bilen üpjün edýän esasy hyzmatdaşlaryň biri bolup durýar.
«Miratorg» Merkezi Aziýanyň ähli döwletlerinde iş alyp barýar, ýöne Türkmenistan bölek satuwda önümlerimiziň iň giň görnüşde hödürlenýän aýratyn bazarydyr» diýip, Natik Mamedow nygtady.
Ýatladyp geçsek, paýtagtymyzda geçirilýän «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi 14-nji maýa çenli dowam eder. Bu forumda dünýäniň 7 ýurdundan we ýurdumyzdan jemi 80-e golaý öňdebaryjy kompaniýalar öz gazananlaryny tanyşdyrýarlar.
Keywords