
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň esasy sütünleriniň biri hasaplanylýan nebitgaz senagatyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilip, uglewodorod serişdelerini gazyp almakda, ýerasty baýlyklary senagat taýdan özleşdirmekde we rejeli peýdalanmakda, diwersifikasiýa ýoly bilen daşary ýurtly sarp edijilere ugratmakda uly işler alnyp barylýar. Pudakda durmuşa ornaşdyrylýan il-ýurt bähbitli özgertmeler işçi-hünärmenleri zähmet ýeňişlerine galkyndyrýar. Bu aýdylýanlara «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň agzybir işgärlerinden gelip gowşan şatlykly habaryň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäklerinde ýerleşýän, geologik taýdan Merkezi Türkmenistan gazly sebitiň Merkezi Garagum gazly ülkesiniň Atabaý meýdançasynyň nebitgazlylyk meýdanyny we hasaplama görkezijilerini anyklamak maksady bilen, «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň işçi-hünärmenleri tarapyndan taslama çuňlugy 1200 metr bolan Atabaý-1 belgili baha beriş guýusy burawlanyp, ýokary netije gazanyldy. Gazly guýy özleşdirilip, geologik gelip çykyşy boýunça aşaky we ýokarky mel döwrüne degişli gatlaklaryň 9-synda burawlaýyş gözleg-synag işleri geçirildi. Netijede gatlaklaryň 8 sanysynyň gazlydygy anyklanyldy.
— Ekspedisiýamyzyň işgärleri tarapyndan Atabaý meýdançasynyň 1-nji belgili baha beriş guýusynda 1136 — 1134 metr aralykda gözleg-agtaryş işleri geçirilende, bir gije-gündiziň dowamynda çykymy 284 müň metr kuba barabar tebigy gazy bermäge mümkinçiligi bolan senagat ähmiýetli kükürtsiz gaz akymy alyndy — diýip, ekspedisiýanyň buraw ussasy Arslan Kurbankulyýew gürrüň berdi.
Häzirki döwürde bu guýudan alnan tebigy taýdan arassa kükürtsiz mawy ýangyjy sarp edijilere ýetirmek maksady bilen, ady agzalan guýyny önümçilige girizmek üçin «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş» müdirligine tabşyrmak meýilleşdirilýär.
— Bu ýeten sepgitlerimizde buraw guýusynyň meýdan mehanigi Ýagşymyrat Rozyýewiň, burawlaýjy Serdar Babalyýewiň, burawlaýjynyň kömekçileri Umytjan Ahmedowyň, Myrat Hudaýberenowyň, Babajan Gündogdyýewiň, maşinistimiz Begenç Borjakowyň, şeýle-de geolog Kakajan Agageldiýewiň, sürüji Gapurjan Kurbanowyň mynasyp goşandy bar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň uludan dabaralandyryljak üstümizdäki ýylyň biz — nebitgaz gözleýjiler üçin şowly ýyllaryň biri boljakdygyna berk ynanýaryn — diýip, buraw ussasy Arslan aga ýürek buýsanjyny beýan etdi.
Bizem, öz gezegimizde, döredijilik toparymyzyň adyndan ülkämize bedew batly ösüşleri alyp gelen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekspedisiýanyň zähmet pälwanlaryna uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Keywords