
2026-njy ýylyň 5 — 8-nji maýy aralygynda Nýu-Ýork şäherinde Migrasiýa meselelerine syn bermek boýunça ikinji halkara forumy geçirildi. Bu forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow Halkara Migrasiýa Guramasynyň (HMG) Baş direktory hanym Emi Pop bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar migrasiýa ulgamyny dolandyrmakda halkara kadalary milli kanunçylyga ornaşdyrmagyň ähmiýetini nygtadylar. Türkmenistanyň bu ugurdaky tejribesi we amala aşyrýan anyk ädimleri HMG tarapyndan goldanyldy. Şeýle hem, taraplar geljekki hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny we täze mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.
Hanym Emi Pop Türkmenistanyň ynsanperwer meseleler boýunça alyp barýan işlerine aýratyn üns çekdi. Onuň bellemegine görä, ýurtda yzygiderli geçirilýän halkara maslahatlar we forumlar dünýä jemgyýetçiliginiň uly goldawyna eýe bolýar. Has-da sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli kynçylyk çekýän daşary ýurt raýatlaryna berilýän ynsanperwer kömekleri Türkmenistanyň bu ugurda sazlaşykly syýasat ýöretdigini subut edýär.
Duşuşykda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň durnukly ösýändigi bellenildi. HMG-niň ýolbaşçylary 2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça BMG-niň Üçünji maslahatynyň (LLDC3) örän ýokary derejede guralandygyny we onuň netijeleriniň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
Bu duşuşyk Türkmenistanyň halkara migrasiýa syýasatyndaky işjeň ornuny we dünýäniň öňdebaryjy guramalary bilen ýola goýan netijeli gatnaşyklaryny ýene-de bir gezek tassyklady.
Keywords