
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň çäginde giň jemgyýetçilik ähmiýetine eýe bolan möhüm waka boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Fransiýa Respublikasynyň Lion Biznes Mekdebiniň akademiki dereje eýeleri kollegiýasynyň çözgüdi bilen Doctor Honoris Causa hormatly doktorlyk derejesine mynasyp boldy.
Bu hormatly dereje jemgyýetiň saglygyny goramak we berkitmek boýunça alnyp barylýan jemgyýetçilik başlangyçlaryny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin berildi. Şeýle halkara derejeli akademiki ykrarnama Oguljahan Atabaýewanyň alyp barýan işleriniň ýokary derejede baha berlendigini, şeýle hem onuň durmuş-jemgyýetçilik ugurlarynda durmuşa geçirilýän maksatnamalara goşýan goşandynyň ähmiýetini tassyklaýar.
Doctor Honoris Causa derejesiniň berilmegi alnyp barylýan işleriň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr
Keywords