«Türkmenistan» awiakompaniýasy Frankfurt halkara howa menziline gatnaýan ýolagçylar üçin täze düzgünleriň güýje girýändigini mälim edýär.

2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, ähli uçuşlar täze tertipde amala aşyrylar.

Mundan beýläk Frankfurt halkara howa menziline amala aşyrylýan ähli uçuşlar 3-nji terminal arkaly ýerine ýetiriler. Ýolagçylaryň bökdençsiz syýahat etmegi üçin aşakdakylara üns bermegi maslahat berilýär:

  • 3-nji terminalda ýerleşýän ýörite nokatlarda hasaba alyş işlerini tiz we aňsatlyk bilen amala aşyryp bilersiňiz.
  • Hasaba alyşdan soňra, uçuş petegiňizde görkezilen degişli gapylara (gate) öz wagtynda barmagyňyz haýyş edilýär.
  • yýahata ugramazdan ozal, uçuş terminalyňyzy we hasaba alyş wagtyňyzy awiakompaniýanyň resmi saýtyndan ýa-da maglumat gullugyndan gaýtadan barlamagyňyz maslahat berilýär.
Möhüm ýatlatma: Uçuş terminalynyň üýtgemegi bilen baglanyşykly garaşylmadyk ýagdaýlaryň öňüni almak üçin howa menziline bellenen wagtyndan biraz öň barmagyňyz syýahatyňyzyň rahat geçmegine kömek eder.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy size ak ýol we hoşwagt syýahat arzuw edýär!