
Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp, kämilleşdiren milli gymmatlyklarynyň biri türkmen halysydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymyýetden miras galan, sungat derejesine ýetirilen halyçylygy ösdürmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Çitimleriniň ýygylygy, berkligi, owadanlygy, täsin öwüşginliligi, inçeden nepisligi bilen tapawutlanýan, milli buýsanjymyz bolan türkmen halylaryny dokamakda Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçy gelin-gyzlary hem nusgalyk işleri alyp barýarlar.
Baýry kärhananyň ussat halyçylary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýanwar aýynda 178,58 inedördül metr haly we haly önümlerini dokap, önümçiligiň depginini yzygiderli artdyrýarlar. Bu ýerde dürli ölçegdäki halylar bilen bir hatarda sowgatlyk haly önümleri hem taýýarlanylýar.
— Nepis halylary dokamakda kärhanamyzyň halyçy zenanlary uly ussatlyk görkezýärler. Ýanwar aýynda, esasan, uly göwrümli halylardan «Altyn» hojalyk jemgyýetiniň buýurmasy esasynda boýy hem-de ini 6,53 metre deň, umumy meýdany 36,67 inedördül metr bolan trapesiýa görnüşli, şeýle-de boýy 6,40, ini 5,8 metre deň, umumy meýdany 37,12 inedördül metr bolan 304 çitimlik, guşly gölli ak halylar, kiçi göwrümli halylaryň hem birnäçesi dokaldy — diýip, kärhananyň 3-nji önümhanasynyň ussasy, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Mähri Annamyradowa buýsanç bilen belleýär. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Halyçylyk kärhanasynyň hünärmenleriniň berýän maglumatlaryna esaslansak, häzirki wagtda bu ýerde sargytlar esasynda dokalýan boýy 2,75, ini 3,80 metr, umumy meýdany 10,45 inedördül metr bolan guşly gölli ak, boýy 7, ini 4 metr bolan umumy meýdany 28 inedördül metr bolan guşly gölli gyzyl halylar kesime taýýarlanylýar. Şeýle-de şu günler halyçylyk kärhanasynda boýy 3, ini 2 metr, umumy meýdany 6 inedördül metrlik, boýy 1,5, ini 1 metr, umumy meýdany 1,5 inedördül metrlik halylaryň birnäçesi dokalýar. Şonuň ýaly-da sargytlara laýyklykda bu ýerde dürli ululykdaky beşir gölli ýaprak, derweze gölli halylar, tebigatyň keşbi şekillendirilen halylar, iki tarapy hem gölli halylar hem-de sowgatlyk haly önümleri taýýarlanylýar.
— Kärhanamyzda işleýänleriň aglabasy gelin-gyzlar bolup, olar elmydama milli guwanjymyz bolan türkmen halylarynyň köne nusgalaryny dikeltmekde, täzelerini döretmekde, halyçylyk sungatyny kämilleşdirmekde janaýaman zähmet çekýärler. Ussat halyçylarymyz haly önümleriniň gölleriniň ýerleşdirilişine, dokalyşyna, reňkleriniň sazlaşygyna, milli aýratynlyklaryna, ýerine ýetiriliş nepisligine uly ähmiýet berýärler. Kärhanamyzda halypa-şägirtlik ýoly bilen ýaşlara halyçylyk sungatynyň inçe syrlaryny öwretmekde hem netijeli işler alnyp barylýar. Bu işleriň netijesi zähmet ýeňişlerimizde şöhlelenýär. Ylaýta-da, ýetýän ajaýyp sepgitlerimizde Türkmenistanyň at gazanan halyçylary Saparaý Jomartowanyň, Çemen Rozyýewanyň, şeýle-de ökde halyçylar Gülnara Rezwanowanyň, Nartäç Tölegowanyň, Aknabat Şaýmerdanowanyň, Akjemal Pirimkulyýewanyň, Jemile Döwranowanyň saldamly goşandy bar. On barmagyň hünärinden kemal tapan, gözelligi bilen göreni haýrana goýýan nepis haly önümleriniň önümçiligini giňden ýola goýmaga uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ak ýürekden sagbolsun aýdýarys — diýip, Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Nargiza Gurbannazarowa ýürek buýsanjyny beýan etdi.
Keywords