
Mähriban "Owaz" radioýaýlymynyň diňleýjileri! “Owaz” radioýaýlymy sizi “Muşdaklaryň bäsleşigine” gatnaşmaga çagyrýar! Bu konsertde çykyş etjek aýdymçylary diňe siz öňe saýlaýaňyz!
Munuň üçin näme etmeli?
1-nji ädim. Öz telefonyňyzdan 0506 gysga belgä "Owaz" diýen ýazgy bilen SMS ibermeli. Her sms-iň bahasy 1 manat.
2-nji ädim. Sms-i ugradan badyňyza siziň el telefonuňyza "Muşdaklaryň bäsleşigi" konsertiniň elektron salgysy gelip gowuşar. Siz salgydaky saýta girip, aýdymçylaryň KOD belgisi bilen tanyşyp bilersiňiz.
3-nji ädim. Soňra bolsa öz diňlemek isleýän aýdymçyňyzyň KOD belgisini ýene-de 0506 gysga belgä SMS edip iberäýmeli. Siziň ugradan her SMS-iňiz saýlan aýdymçyňyzyň reýtingine göni 1 ses bolup goşular.
Saýtymyzyň sahypasynda diňe bir ses bermek däl, eýsem has giň mümkinçilikler hem bar. Saýtda görşüňiz ýaly, her bir aýdymçynyň suratynyň üstüne basyp, onuň döredijiligindäki aýdymlar we täzelikler bilenem tanşyp bilersiňiz.
Göni ýaýlymda bäsleşiň!
Her hepdäniň duşenbe-anna günleri aralygynda her gün sagat 12-00-daky habarlardan soň göni ýaýlyma çykýan “Muşdaklaryň bäsleşigi” konsertinde iň köp ses alan aýdymçylaryň aýdymlary nobatma nobat eşitdirilýär. Konsert göni ýaýlymda wagty siz diňe şol aýdymçylaryň aýdymyna ses berip bilýäňiz. Mysal üçin: Saýtda görşüňiz ýaly sanawda aýdymçy Sahydursun Hojakowa “Obamyza gelen wagtyň” aýdymyny ses berip öňe saýlap diňlemek isleseňiz 0506 belgä A02 ýazyp ugradaýmaly, ol aýdym ýaňlanyp gutaran badyna Sahydursun Hojakowanyň “Söýgi hatlaryň” aýdymy sanawa goşulýar we ýene-de çäksiz ýagdaýda ses berip öňe saýlap diňläp bilýärsiňiz!
Hawa, häzir, sanly ulgamyň, tehnologiýalaryň ösen döwründe siz aýdymlary dürli ýerden, dürli enjamlar bilen diňläp bilýäňiz. Ýöne diňe “Owazyň” tolkunlarynda aýdymçylara ses berip, bäsleşip, konserte göni ýaýlymda gatnaşyp bolýar.
Siz haýsy aýdymçynyň muşdagy? “Muşdaklaryň bäsleşigi” size garaşýar! Bäsleşiň, göwün halan aýdymlaryňyzy ýerine ýetirýän aýdymçylara ses beriň goldaň!
Keywords