
Özbek seçgiçileri soýanyň üç sany täze görnüşini oýlap tapdylar. Ýurduň Adalat ministrliginiň habaryna görä, soýanyň «Marjon» görnüşi Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Genetika we ösümlikleriň biologiki synagy institutynyň alymlary, «Vodiy jilosi» hemde «Oltin vodiy» görnüşleri bolsa däneli we kösükli ekinler boýunça ylmy-barlag instituty tarapyndan ýetişdirilipdir. Özbegistanyň Adalat ministrliginiň reýestrinde hasaba alnan soýanyň bu täze görnüşlerini ýetişdirmek we peýdalanmak hukugy berildi. Seçgiçilik zähmeti esasynda döredilen bu ekiniň täze görnüşi täzeçillik aýratynlyklaryna, özboluşlulyga, şeýle-de durnuklylygyna eýedir. Düzüminde 45 göterim belok, 25 göterime çenli bolsa ösümlik ýagy bolan soýanyň oba hojalyk medeniýetinde mynasyp orny bar. Soýanyň belogy aminoturşy düzüminiň deňagramlylygy babatda et we süýt önümlerine juda golaý bolup, tutuş dünýäde «et ösümligi» diýibem atlandyrylýar. Soýa ulanyş çäginiň giňligi sebäpli diňe azyk senagatynda däl, eýsem, ondan lukmançylyk plazmalary we äýnekler üçin ýokary hilli linzalar hem taýýarlanmakda ulanylýar. Soýa iýmitlik gymmatlygyndan başga-da, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, şeýle-de agrohimiki ýagdaýyny gowulandyrmak ukybyna-da eýedir.
Keywords