
«Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2026-njy ýylyň maý aýynyň 1 – 31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Erkin döredijilik mekanynda ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirilen täsirli duşuşyk guraldy.
Wagyz-nesihat çäresine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ýokary kazyýetiň, Baş prokuraturanyň, Içeri işler ministrliginiň ugurdaş düzümleriniň, şol sanda ýol gözegçiligi we jenaýat agtaryş gulluklarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Şeýle hem çärede Demokratik partiýanyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçylary hem-de Aşgabat şäher neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkeziniň lukmançylyk hünärmenleri çykyş etdiler.
Duşuşygyň dowamynda esasy üns ýaşlaryň saglygyna zyýan ýetirýän ýaramaz endikleriň öňüni almaga, bedenterbiýäni hem-de milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryny giňden dabaralandyrmaga gönükdirildi. Şunun bilen bir hatarda, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri ýaşlaryň arasynda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak we ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmek meselelerine aýratyn durup geçdiler. Sanly ulgamyň ösýän döwründe internet serişdelerinden peýdalanmagyň medeniýetini kemala getirmegiň wajyplygy hem duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy temalaryň biri boldy.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, kämil we sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmeginiň kepilidir. Gatnaşyjylar ýaşlaryň hukuklaryny goramak, ýaş maşgalalary goldamak boýunça kabul edilýän kanunçylyk namalary, şeýle-de ýaşlaryň döwrebap bilim almagy hem-de aň-bilim ukyplaryny doly amala aşyrmaklary üçin döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler barada jikme-jik maglumat berdiler.
Çäre gyzykly pikir alyşmalar we sowal-jogap görnüşinde tamamlandy. Ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan sowallara degişli hünärmenlerden takyk jogaplary alyp, şeýle ähmiýetli duşuşyklaryň yzygiderli guralýandygy üçin minnetdarlyk bildirdiler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýaş nesilleriň sagdyn we belent ruhly bolup ýetişmegi ugrunda uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykan hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Keywords