
Russiýa iri onlaýn-platformalaryň işinde üýtgeşmelere taýýarlanýar. «Rus polkasy» baradaky kanun taslamasynyň çäklerinde marketpleýsler içerki önümleri has işjeň öňe sürmeklige borçly bolarlar. Bu barada Russiýanyň Senagat we söwda ministri Anton Alihanow «TASS» habar gullugyna beren söhbetdeşliginde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, eger satyn alyjy brendi görkezmezden haryt gözlän ýagdaýynda, marketpleýsler ilki bilen Russiýada öndürilen önümleri hödürlemeli bolar. Şeýle hem daşary ýurt harydy saýlanynda ulanyja şol harydyň içerki analogy hem bilelikde teklip ediler. Bu çäreler ýerli öndürijileri goldamaga we olaryň onlaýn söwdadaky orunlaryny güýçlendirmäge gönükdirilendir.
Kanun taslamasy haryt kartlaryny ýerleşdirmek boýunça aýratyn talaplaryň girizilmegini göz öňünde tutýar, bu bolsa Russiýada öndürilen önümleriň gözleg ulgamynda we tekliplerde has görnükliligini artdyrmaly.
Keywords