Russiýa Hindi ummanyna çykýan täze demir ýol ugurlaryny Türkmenistan, Eýran, Owganystan we Pakistan arkaly ösdürmegiň zerurdygyny belleýär.
Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň wise-premýeri Marat Husnullin TASS habarlar agentligine beren gepleşiginde aýtdy.
Wise-premýeriň sözlerine görä, häzirki wagtda halkara ulag ugurlarynda ýüze çykýan geosyýasy töwekgelçilikler we adaty deňiz ýollarynyň durnuksyzlygy Günorta Aziýa tarap täze guryýer geçelgelerini döretmegiň ähmiýetini artdyrýar.
M. Husnullin Bosfor we Hürmüz bogazlaryndaky ýagdaýyň ulag-logistika ugurlaryna täsir edýändigini belläp, Türkmenistan, Eýran, Owganystan we Pakistan arkaly geçýän demir ýol ugurlarynyň ösdürilmeginiň Russiýa üçin möhüm ugurlaryň biridigini aýtdy.
Onuň bellemegine görä, bu ugurda dörediljek ulag geçelgeleri Russiýanyň haryt akymlaryny Hindi ummanyndaky portlara çykarmaga we Hindistanyň bazaryna has amatly ýol açmaga mümkinçilik berip biler.
Soňky döwürde Hürmüz bogazyndaky ýagdaý sebäpli Merkezi Aziýada alternatiw ulag ugurlaryny ösdürmegiň ähmiýeti has-da artdy. Bu bogaz dünýä nebit söwdasynyň takmynan dörtden bir böleginiň we suwuklandyrylan tebigy gazyň bäşden bir böleginiň daşalýan esasy deňiz ýollarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistan amatly geografik ýerleşişi, ösdürilýän demir ýol ulgamy we halkara ulag taslamalaryndaky orny bilen sebitde möhüm logistika merkezi hökmünde çykyş edýär.
Bilermenleriň pikirine görä, Türkmenistan arkaly geçýän «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi Ýewraziýa giňişliginde söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge, ýük gatnawlarynyň ugurlaryny diwersifikasiýa etmäge we sebit döwletleriniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge goşant goşup biler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.