Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2025–2026 okuw ýylynyň 2-nji ýarymýyllygynda aşakdaky hünärler boýunça bäsleşik yglan edýär:

  • Iňlis dili we edebiýaty mugallymy – 3 orun (daşary ýurt dilleri kafedrasy)
  • Rus dili we edebiýaty mugallymy – 2 orun (daşary ýurt dilleri kafedrasy)
  • Himiýa mugallymy – 1 orun (himiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy)
  • Nemes dili we edebiýaty mugallymy – 1 orun (roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasy)
  • Pedagogika mugallymy – 1 orun (Pedagogika kafedrasy, Bilimi: Başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy, Mekdebe çenli bilim we terbiýe)

Bäsleşigiň geçirilýän ýeri: Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Şabende köçesi, 7-nji jaýy

Arza tabşyrmak möhleti: 01.12.2025 – 24.01.2026

Bäsleşigiň geçirilýän senesi: 28.01.2026 – 30.01.2026

Talaplar:

  • Mugallymçylyk ugry boýunça ýokary ýa-da magistr bilim derejesi.
  • Ýokary okuw mekdebini gowy bahalar bilen tamamlanan bolmaly.
  • 3 ýyldan az bolmadyk pedagogik iş tejribesi bolmaly.

Tabşyrmaly resminamalar:

  • Rektoryň adyna ýazylan arza
  • Ýokary bilim hakyndaky diplomyň nusgasy
  • Hasap-synag sanawnamasyndan göçürmäniň nusgasy
  • Iň soňky iş ýerinden häsiýetnama
  • Şahsy iş kagyzy
  • Zähmet depderçäniň nusgasy
  • Pasportyň nusgasy