Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, «Morinjgeologiýa» hyzmat ediş kärhanalar toparynyň işgärleri dünýäniň iň çetin we howply belentlikleriniň biri bolan Neperyň Annapurna (8 091 m) dagyna üstünlikli çykdylar. Ýürekleri joşdurýan bu sport ýeňşi türkmen alpinistleriniň sarsmaz erkiniň we agzybirliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Nepalymyň merkezinde ýerleşýän Annapurna massiwi alpinizm taryhynda 1950-nji ýylda adamzat tarapyndan ilkinji boýun egdirilen 8 müň metrlik belentlik hökmünde aýratyn orna eýedir. Dünýäniň iň beýik 10-njy dagy bolan bu belentlik, dünýäniň iň çuň jülgesi bolan Kali-Gandaki bilen araçäkleşýändigi, çetin howa şertleri we gar süýşme howpunyň ýokarylygy sebäpli iň ekstremal nokatlaryň biri hasaplanýar.

Alpinistleriň bu gezekki ýeňşi toparyň şöhratly sport sanawyny has-da baýlaşdyrdy. Toparyň tejribeli agzalary mundan ozal hem dünýäniň iň meşhur belentliklerini boýun egdiripdiler:

  • Dünýäniň iň beýik nokatlary: Ewerest, K2 (Çogori), Manaslu.
  • Meşhur daglar: Akonkagua, Ama-Dablam, Kilimanjaro, Ararat, Monblan we Matterhorn. Däp bolşy ýaly, bu nokatlaryň her birinde Türkmenistanyň mukaddes ýaşyl Baýdagy dabaraly ýagdaýda parladyldy.

«Morinjgeologiýa» diňe bir sportda däl, eýsem energetika pudagynda hem belent sepgitleri eýeleýär. Kompaniýa Türkmenistanyň çäklerinde aşakdaky möhüm işleri amala aşyrýar:

  • «Çeleken» meýdançasy: «Dragon Oil» (BAE) kompaniýasy bilen uzak möhletleýin şertnamanyň çäklerinde inžener-geologiýa gözlegleri.
  • «Blok-I» çägi: Malaýziýanyň «Petronas Carigali» kompaniýasy bilen önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygyň esasynda netijeli hyzmatdaşlyk.
  • Hazar şelfindäki tejribe: Kompaniýa russiýanyň «LUKOÝL», gazagystanyň «KazMunaýGaz» we azerbaýjanyň «SOCAR» ýaly dünýä derejeli korporaşiýalarynyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar.

Nepal daglarynda gazanylan bu täze sport üstünligi, «Morinjgeologiýa» toparynyň hem professional işinde, hem-de sport äleminde iň belent sepgitleri eýelemäge bolan ygrarlylygynyň nyşanydyr.