
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ak bazarlarynda hem-de dükanlarynda azyk bolçulygyny döretmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işler özüniň ajaýyp miwesini berýär. Biri-birinden owadan gaplara gaplanyp, hili hem görnüşi bilen alyjylary özüne çekýän harytlaryň arasynda süýt we süýt önümleri-de köpdür. Bereketli topragymyzda bitýän ot-çöpler bilen bakylan mallardan alnan süýt özüniň ýokumy bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, 2013-nji ýyldan bäri hereket edýän «Süýtli ýaýla» hojalyk jemgyýetine degişli «Gönezlik» hususy kärhanasynda hem önüm öndürmekden öňünçä onuň hiliniň ýokary bolmagy barada alada edilýär. Şeýle aladanyň netijesinde bu hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Tejen etrabynyň Seleňli geňeşliginden bölünip berlen 600 gektar meýdanyň 9 gektarynda döwrebap maldarçylyk toplumyny gurdy. Häzirki zaman enjamlar ornaşdyrylan bu toplumda iri şahly mallaryň ýüzlerçesi idedilýär. Mallaryň ot-iým bilen üpjünçiligi babatda hojalyk jemgyýetinde irgözinden alada edilip, 591 gektar meýdana ot-iýmlik ekinler ekildi. Toplumyň çäginde harytlyk süýt fermasy, süýdi gaýtadan işleýän we süýt önümlerini öndürýän sehler hereket edýär. Kärhananyň önümçilik kuwwaty her ýylda 3 müň tonna çenli süýt we 100 tonna et öndürmäge mümkinçilik berýär. Önümleriň satuwa çykarylýan «Gönezlik» haryt nyşany bolsa eýýäm öz ýokary hili bilen söwda nokatlarynda uly islegden peýdalanýar. Haryt görnüşleriniň toplumy süýt, dorag, gaýmak, mesge, aýran ýaly 30-a golaý görnüşli önümi öz içine alýar. Häzirki zaman tehnologiýalaryny we weterinariýa usullaryny ulanýan 40-dan gowrak hünärmen önümliligiň hem-de süýt sagymynyň ýokary görkezijilerini saklamak, durnukly hili üpjün etmek üçin zähmet çekýärler. «Süýtli ýaýla» hojalyk jemgyýetiniň agzybir işgärleri mallaryň baş sanyny köpeltmek we öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak üçin öz öňlerinde uly maksat goýýarlar.
Keywords