
Kutlimurat Abaýew, «Lebapwelaýatagyzsuw» birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy: Welaýatymyzda ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, suw we lagym ulgamlarynyň bökdençsiz işini guramak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. «Lebapwelaýatagyzsuw» birleşigi tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri suw geçirijileriň 405, lagym ulgamynyň bolsa 355 metrinde arassalaýyş-bejeriş çäreleri geçirilip, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna saldamly goşant goşuldy.
Häzirki wagtda welaýatymyz boýunça agyz suw geçirijileriniň umumy uzynlygy 2538 kilometre, lagym ulgamynyňky bolsa 567 kilometrden gowraga ýetýär. Şeýle-de geçen ýylda Döwletli etrabynda bir gije-gündizdäki kuwwaty 5 müň kub metre ýetýän lagym arassalaýjy desga we Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginden Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesine çenli çekilen agyz suw geçirijisi arkaly häzirkizaman infrastrukturasynyň giňeldilmegine möhüm ädimler ädildi. Bu işler ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna, şäher we oba ýerlerinde hyzmatlaryň has kämil derejede ýola goýulmagyna mümkinçilik berýär.
Birleşigimizde ilatyň agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda yzygiderli alada edilýär. Bu döwlet derejesindäki tagallalar biziň welaýatymyzda hem suw üpjünçilik ulgamynyň ösdürilmegine uly itergi berer.
Bu ugurda birleşigimiziň işgärleriniň tutanýerli zähmeti aýratyn bellärliklidir. Enjamçy Nasiba Bazarowa, bejeriji Artyk Açylow, buhgalter Zamira Hojakowa, gözegçi Enejan Bazarowa ýaly göreldeli işgärler gündelik işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine, suw üpjünçilik ulgamlarynyň kadaly işlemegine uly goşant goşýarlar. Işdeşlerimiziň gazanýan zähmet üstünlikleriniň halkymyza hyzmat edýändigine buýsanjymyz uludyr.
Ýeri gelende aýtsak, soňky ýyllarda ilata hyzmat etmegiň döwrebap görnüşleri hem üstünlikli ornaşdyrylýar. Hususan-da, agyz suwy üçin tölegleri sanly ulgam arkaly geçirmek mümkinçilikleriniň döredilmegi raýatlar üçin uly ýeňillik boldy. Häzirki wagtda ýöriteleşdirilen mobil goşundylar arkaly ilat agyz suw töleglerini oturan ýerinden, bökdençsiz we tiz ýagdaýda töläp bilýär. Bu bolsa hyzmatlaryň amatlylygyny ýokarlandyryp, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň kämilleşmegine täze mümkinçilikleri açýar.
Geljekde hem birleşigimiz tarapyndan suw üpjünçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, bejeriş-arassalaýyş çärelerini giňeltmek, sanly hyzmatlaryň gerimini artdyrmak boýunça işler dowam etdiriler. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan möhüm wezipelerine laýyklykda ilatyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Keywords