Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TAPI) transmilli gaz geçirijisiniň Owganystandaky böleginde gurluşyk işleri täze tapgyra geçdi. Häzirki wagta çenli bu ugur boýunça jemi 116 kilometr turba çekildi. Şolaryň 38 kilometri eýýäm ýer astynda ýerleşdirildi.
Owganystanyň ykdysady meseleler boýunça wise-premýeriniň edarasynyň maglumatlaryna görä, gaz geçirijiniň ýene-de 135 kilometr böleginde turba çekmek üçin zerur taýýarlyk işleri doly tamamlandy. Bu ýerlerde çukurlar arassalanyldy we degişli inženerçilik taýýarlyklary geçirildi.
Tassyklanan meýilnama laýyklykda, gaz geçirijiniň Owganystanyň Hyrat şäherine çenli bolan böleginiň esasy gurluşyk işlerini 2026-njy ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.
Şol bir wagtyň özünde Hyrat şäheriniň içerki gaz paýlaýyş ulgamyny döretmek boýunça meýdan gözlegleriniň we taslama işleriniň başlanmagyna taýýarlyk görülýär. Türkmen tebigy gazynyň Hyrada ýetirilmegi şäheriň senagat we ykdysady ösüşine täze mümkinçilikleriň döremegine garaşylýar.
Taslama durmuşa geçirilenden soň, Hyratdaky ýüzlerçe önümçilik kärhanasynyň tebigy gaz bilen üpjün edilmegi we täze iş orunlarynyň döredilmegi mümkin. Şeýle hem türkmen gazy ýerli ýylylyk elektrik stansiýalarynda peýdalanylar.
Bu bolsa Owganystanyň elektrik energiýasyny daşary ýurtlardan import etmäge bolan garaşlylygyny azaltmaga we ýurduň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam eder.
TAPI taslamasy Türkmenistanyň tebigy gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana ýetirmegi maksat edinýän iri sebit energetika taslamalarynyň biridir.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.