Täze 2026–2027-nji okuw ýylynyň başlanmagyna sanlyja gün galanda, Türkmenistanda okuwçylaryň mekdep harytlaryna bolan islegini doly üpjün etmek ugrunda giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde guralan göçme mekdep bazarlary alyjylara dürli görnüşli okuw esbaplaryny, egin-eşikleri we mekdep üçin zerur bolan beýleki harytlary hödürleýär. Şeýle söwda nokatlary ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak bilen birlikde, täze okuw ýylyna amatly taýýarlyk görmäge mümkinçilik döredýär.

Şu ýyl Lebap welaýatyň çäginde jemi 60 sany göçme söwda nokady guralyp, olarda hödürlenýän harytlaryň aglabasy ýurdumyzyň kärhanalarynda öndürilen önümlerden ybaratdyr.

Söwda nokatlarynda okuwçy gyzlar üçin keşdeli ýaşyl köýnekler, ak öňlükler, zähmet sapagy üçin ýörite egin-eşikler, oglanlar üçin köýnekler, penjekler, aýakgaplar we tahýalar alyjylara hödürlenýär. Mundan başga-da dürli görnüşli depderler, galamlar, mekdep ýantorbalary we beýleki okuw esbaplary giň görnüşde satuwa çykarylandyr.

Okuw esbaplarynyň bezeginde türkmen halkynyň taryhy şahsyýetleriniň, gadymy ýadygärlikleriniň, ýurdumyzyň gözel künjekleriniň hem-de döwrebap binalarynyň şekilleriniň ýerleşdirilmegi ýaş nesilde milli buýsanç we watansöýüjilik duýgularyny terbiýelemäge ýardam edýär.

Şeýle hem okuw harytlarynda ýylyň şygary, «Ak şäherim Aşgabat» we «Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna» bagyşlanan ýazgylaryň ýerleşdirilmegi olaryň bezeg aýratynlygyny has-da baýlaşdyrýar.

Göçme mekdep bazarlarynyň guramaçylykly işi ilatyň mekdep harytlaryna bolan islegini doly üpjün etmäge, söwda hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmaga we täze okuw ýylyna ýokary derejede taýýarlyk görmäge gönükdirilendir.