Türkmenistanyň resmi Toyota hyzmat merkezleriniň biri bolan Toyota-Beyik Yupek Yoly täze müşderiler üçin ýörite hyzmat teklibini yglan etdi.
Aksiýanyň çäginde 2026-njy ýylyň 5–31-nji awgusty aralygynda resmi hyzmat merkezinde motoryň ýagyny çalşdyrýan müşderilere birnäçe ýeňillik berilýär.
Şolaryň hatarynda:
Toyota-nyň asyl ýag süzgüjine 50 göterim arzanladyş;
awtoulagyň tehniki ýagdaýynyň toplumlaýyn diagnostikasy mugt.
Ýörite teklip diňe ozal awtoulagyna Toyota-Beyik Yupek Yoly-nyň resmi hyzmat merkezinde tehniki hyzmat etdirmedik täze müşderiler üçin hereket edýär.
Hyzmat merkeziniň maglumatyna görä, ulaglara tehniki hyzmat edilende diňe Toyota-nyň asyl ätiýaçlyk şaýlary we öndürijiniň maslahat berýän motor ýaglary ulanylýar.
Aksiýa 2026-njy ýylyň 5-nji awgustyndan 31-nji awgustyna çenli dowam eder. Awtoulag eýelerine hyzmat üçin öňünden ýazylmak maslahat berilýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.