
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda, ýurdumyzyň atşynaslar wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherine ugradylar. Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň agzalaryndan we «Türkmenatlary» döwlet birleşiginiň öňdebaryjy hünärmenlerinden ybarat bolan topar Daşkentde geçiriljek birnäçe iri möçberli çärelere gatnaşar.
Türkmen wekilleri saparyň çäklerinde «Gündogaryň merjeni» atly sport we gözellik bäsleşiklerine hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahatyna gatnaşarlar.
9-10-njy maý aralygynda geçiriljek bu bäsleşikler ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki şan-şöhratyny has-da belende götermäge, şeýle-de iki goňşy döwletiň arasyndaky medeni-sport gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir.
Wekiliýetiň we halkara bäsleşiklerine gatnaşjak seçme bedewleriň sapary Arkadag şäheriniň ajaýyp künjeklerinden dabaraly ýagdaýda başlandy. Atşynaslaryň ýoly şäheriň baş bezegi bolan Akhan binasynyň halkalaýyn ýolundan badalga alyp, Akhan şaýoly we täze şäheriň Baýdak meýdançasynyň ugry bilen dowam etdi.
"Ahalteke atlarynyň halkara bäsleşiklerine gatnaşmagy, behişdi bedewlerimiziň gözelligini we çalasynlygyny bütin dünýä ýene bir gezek subut eder." — diýip, döwlet Baştutany ýakynda geçen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nygtady.
Bu waka, Türkmenistanda milli gymmatlyklara, aýratyn-da, ahalteke bedewlerine döwlet derejesinde goýulýan uly sarpanyň nobatdaky beýanydyr. Halkyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegi bolan bedewleriň halkara meýdançalaryndaky çykyşlary, türkmen atçylyk sungatynyň täze belentliklere çykýandygyny görkezýär.
Keywords