
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda alnyp barylýan ylmy-usuly işleriň yzygiderli ösdürilýändigi täze okuw gollanmalarynyň neşir edilmegi bilen ýene-de bir gezek aýdyň tassyklandy. Institutyň professor-mugallymlary tarapyndan taýýarlanylan bu neşirler ýaş nesliň bilim derejesini ýokarlandyrmaga, okuw-terbiýe işini döwrebap guramaga hem-de häzirki zaman bilim talaplaryna laýyklykda okatmagy kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Täze neşirleriň hatarynda institutyň gündogar dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Arzuw Setdarowa hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň baş hünärmeni Omargeldi Myradow tarapyndan awtordaşlykda taýýarlanylan «Türkmençe-parsça gepleşik sözlügi» atly okuw gollanmasy aýratyn orun eýeleýär. Bu gollanma pars dilini öwrenýän talyplar we okuwçylar üçin niýetlenip, gepleşik endikmelerini ösdürmäge, söz baýlygyny giňeltmäge hem-de gündelik aragatnaşykda ulanylýan söz düzümlerini öwrenmäge giň mümkinçilik döredýär. Neşir häzirki döwrüň lingwistik we metodiki talaplaryna laýyklykda taýýarlanyldy.
Şeýle hem institutyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymlary, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Peýşembaý Aýdogdyýew, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Hurmagül Jumabaýewa, şol kafedranyň dosenti, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Goçmyrat Hanow bilen Demokratiýa we hukuk institutynyň direktory, filosofiýa ylymlarynyň doktory Ýagmyr Nuryýew tarapyndan awtordaşlykda taýýarlanylan «Обществоведение» («Jemgyýeti öwreniş») atly okuw kitaby rus dilinde okadylýan mekdepleriň XII synp okuwçylary üçin neşir edildi. Okuw kitaby jemgyýeti öwreniş dersiniň mazmunyny giňden açyp görkezmek bilen, okuwçylaryň jemgyýetçilik hadysalaryna ylmy esasda düşünmegini, raýatlyk dünýägaraýşynyň kemala gelmegini hem-de hukuk-medeniýet derejesiniň ýokarlanmagyny maksat edinýär.
Neşir edilen bu okuw gollanmalary we okuw kitaplary ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga hem-de ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Keywords