
Londonda, Günbatar London Söwda-senagat edarasynyň baş binasynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň hususy böleginiň wekilleriniň gatnaşmagynda giň gerimli işewürlik saparyna badalga berildi. 11–15-nji maý aralygynda dowam edýän bu çäre iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmagy hem-de türkmen önümleriniň Britaniýa we Ýewropa bazarlaryndaky ornyny berkitmegi maksat edinýär.
Bu başlangyç Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Günbatar London Söwda-senagat edarasy hem-de «TurkmenExpo» hususy kärhanasynyň bilelikdäki guramagynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen durmuşa geçirildi.
Saparyň çäginde Türkmenistanyň adyndan öz önümlerini dünýä bazaryna hödürlemäge taýýar 20 sany milli kompaniýa wekilçilik edýär. Britaniýa tarapyndan bolsa çärä 40-dan gowrak iri kärhana we gurama gatnaşýar. Olaryň arasynda:
Açylyş dabarasynda Günbatar London Söwda-senagat edarasynyň baş direktory Alan Raýds we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow çykyş etdiler. Taraplar iki ýurduň hususy böleginiň arasyndaky göni B2B (işewürden-işewüre) gatnaşyklarynyň ähmiýetini nygtadylar.
Gepleşiklerde esasy üns aşakdaky pudaklara gönükdirildi:
Işewürlik saparynyň ilkinji gününde tanyşdyryş dabarasy guralyp, hepdäniň dowamynda ikitaraplaýyn gepleşikleriň we pudaklaýyn duşuşyklaryň yzygiderli tapgyry geçiriler. Britan kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerine ýokary baha berip, ýakyn wagtda ýurdumyza jogap saparyny guramagy meýilleşdirýärler.
Bu çäre Türkmenistanyň eksport kuwwatyny artdyrmakda we "Made in Turkmenistan" markasynyň halkara derejesinde tanalmagynda möhüm ädim bolup hyzmat eder.
Keywords