
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2026–2027-nji okuw ýyly üçin Fulbraýtyň «Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek» (Fulbright TEA) atly abraýly akademiki alyş-çalyş maksatnamasyna resminamalary kabul edip başlady. Bu başlangyç orta mekdep mugallymlarynyň hünärini ösdürmäge gönükdirilen bolup, Amerikanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde alty hepdelik tejribe geçmäge mümkinçilik berýär.
Gatnaşyjylar diňe bir hünär derejesini ýokarlandyrman we okatmagyň döwrebap usullaryny öwrenmän, eýsem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň medeniýeti we bilim ulgamy bilen hem ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alarlar.
Maksatnama 12–18 ýaş aralygyndaky okuwçylar bilen işleýän orta mekdep we dil merkezleriniň häzirki wagtda zähmet çekýän mugallymlary üçin niýetlenendir. Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar: Türkmenistanyň raýaty bolmak, ýurtda hemişelik ýaşamak we azyndan bäş ýyllyk doly mugallymçylyk tejribesi bolmakdyr.
Bäsleşige iňlis dili, matematika, tebigy ylymlar, jemgyýeti öwreniş, žurnalistika we STEM ugurlary boýunça mugallymlar gatnaşyp bilerler. Gatnaşmagyň möhüm şertleriniň biri — tejribe gutarandan soňra mugallymyň azyndan bäş ýyllap Türkmenistanda öz hünär işini dowam etdirmäge meýilli bolmagydyr.
Maksatnamanyň başlangyjy toparlaryň bölünmegine baglylykda 2027-nji ýylyň ýanwar ýa-da sentýabr aýlaryna meýilleşdirilýär. Saýlaw işleri mugallymyň hünär üstünliklerini we bilim ulgamyna innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmaga bolan höwesini görkezýän arzalaryň esasynda geçiriler.
Arzalar 2026-njy ýylyň 15-nji fewralynda sagat 23:59-a çenli elektron görnüşde kabul edilýär. Ähli gyzyklanma bildirýän hünärmenler resminamalar toplumyny AshgabatEducation@state.gov resmi elektron salgysyna ibermelidirler.
Keywords