
Goşgy ýaly gözel türkmen şaý-seplerini ýasamakda özboluşly yz galdyran ildeşimiz Göwher Nuryýewa 15–17-nji maý aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde guralan III Halkara altyn bilen keşdemek we zergärçilik festiwalynda Türkmenistana wekilçilik etdi.
Özbegistan Respublikasynyň «Hunarmand» (Senetçiler) birleşmesi, Buhara welaýat häkimligi, Söwda-senagat edarasy, Syýahatçylyk komiteti hem-de Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan bu abraýly çäre dünýäniň dürli künjeklerinden ýüzlerçe zehinli senetçini we halk amaly-haşam sungatynyň ussatlaryny bir ýere jemledi.
Täsirli medeni maksatnamalara baý bolan halkara festiwalyň dowamynda türkmen zenan zergäri Göwher Nuryýewanyň elinden çykan täsin we inçe senediň önümlerine daşary ýurtly bilermenler hem-de gatnaşyjylar tarapyndan örän ýokary baha berildi.
Milli zergärçilik sungatymyzyň iň gowy däplerini döwrebap öwüşginde görkezen ildeşimiz, bu ajaýyp medeni çärä işjeň gatnaşandygy üçin festiwalyň guramaçylary tarapyndan ýörite şahadatnama we gymmatly nyşan bilen sylaglandy. Bu abraýly baýragy ildeşimize Özbegistanyň «Hunarmand» birleşmesiniň başlygy R.T.Mirzaahmedow dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Buharanyň taryhi gurşawynda geçen bu gözellik baýramy türkmen zergäri üçin diňe bir öz ukybyny görkezmäge däl, eýsem dünýäniň onlarça ýurdundan gelen meşhur ussatlar, dizaýnerler we taryhçylar bilen hünär tejribesini alyşmaga hem giň mümkinçilik döretdi. Bu waka gadymdan gelýän goňşuçylyk we medeni gatnaşyklaryň has-da berkemegine goşulan nobatdaky saldamly goşant boldy.
Keywords