
2026-njy ýylyň 28-29-njy maýynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäheri Ýewraziýa giňişliginiň iň iri ykdysady wakalarynyň birine — Ýewraziýa ykdysady forumyna meýdança bolar. Bu möhüm forumda Türkmenistanyň wekiliýetiniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
Forumyň resmi saýtynyň berýän maglumatyna görä, bu çäre öz gerimi boýunça aýratyn tapawutlanýar. Foruma:
Şeýle hem, forumyň çäklerinde Türkmenistan bilen bir hatarda ABŞ, Hytaý, Azerbaýjan, Wýetnam, Müsür we Täjigistan ýaly dünýäniň dürli döwletlerinden 70-e golaý wekiliň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Bu ýylky forumyň özeni «Ählumumy sanly ýaryşda ÝYB: emeli aň bildirilýän ynam» diýen mowzuga gönükdiriler. Maslahatlaşyljak esasy ugurlar şulardan ybarat:
Forumyň maksatnamasy 30-a golaý esasy çäräni öz içine alýar. Şolaryň arasynda iň ähmiýetlisi — ÝYB-na agza döwletleriň baştutanlarynyň gatnaşmagyndaky umumy mejlisdir. Bu duşuşyk sebitdäki ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki ugruny kesgitlemekde uly rol oýnar.
Türkmenistanyň bu halkara forumyna gatnaşmagy ýurdumyzyň sebit ykdysady integrasiýasyna we häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirmäge bolan gyzyklanmasynyň ýene-de bir subutnamasydyr.
Keywords