
Türkmenistanda mart aýynyň başy, adatça bolşy ýaly, howanyň sowamagy we ýagyşlaryň ýagmagy bilen tapawutlanar, ýurduň demirgazygynda bolsa gar gatyşykly ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Hepde dowamynda ýurt boýunça düşjek ygallaryň umumy mukdarynyň 15,0 mm çenli boljakdygy çaklanylýar.
Daşky gurşawy goramak ministrliginiň saýtynda çap edilen 2-nji martdan 8-nji mart aralygyndaky howa maglumaty bilen tanyşyp bilersiňiz:
Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-12-den 13-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2...+4°С-dan +5...+7°С aralygynda maýyl, gündizlerine +6...+8°С-dan +15...+17°С aralygynda maýyl bolar.
Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-11-den 12-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...+2°С-dan +4...+6°С aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+7°С-dan +14...+16°С aralygynda maýyl bolar.
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...+5°С-dan +4...+9°С aralygynda maýyl, gündizlerine +12...+17°С, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7...+12°С maýyl bolar.
Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1...+4°С-dan +3...+8°С aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+10°С-dan +15...+20°С aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7-12-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...+5°-dan +3...+8°С aralygynda maýyl, gündizlerine +8...+13°С-dan +15...+20°С aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...+3°С-dan +4...+9°С aralygynda maýyl, gündizlerine +7...+12°С-dan +14...+19°С aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1...-6°С sowukdan 0...+5°С aralygynda maýyl, gündizlerine +2...+7°С-dan +9...+14°С aralygynda maýyl bolar.
Hepdäniň dowamynda Türkmenistan boýunça ýagnyň mukdary 0,1-15,0 mm bolmagyna garaşylýar.
Keywords