
Türkmenistanyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň ugrundaky gümrük nokatlaryny tapgyrlaýyn kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, «Artyk» we «Garabogaz» gümrük nokatlarynda gurluşyk-abatlaýyş işleri üstünlikli tamamlandy. Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, amala aşyrylan düýpli özgertmeleriň netijesinde bu nokatlaryň umumy meýdany giňeldilip, haryt we ulag geçirijilik ukyby halkara standartlaryň derejesine çykaryldy. Şeýle hem bu ýerlerde täze durmuş-tehniki binalar gurlup, bar bolan desgalaryň durky doly täzelendi.
Döwrebap barlag enjamlary hem-de innowasion sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze gümrük nokatlary serhetden geçýän harytlardyr ulag serişdeleriniň gysga wagtda we ygtybarly barlagdan geçmegini kepillendirýär. Häzirki wagtda awtoulaglaryň gümrük zolagyna giren pursadyndan başlap, ähli amallaryň sanly ulgam arkaly awtomatiki ýagdaýda gözegçilikde saklanmagy resmileşdiriş işlerine sarp edilýän wagty ep-esli tygşytlamaga şert döredýär.
Geçirilen halkara seljermeleriň netijeleri Türkmenistanyň gümrük amallarynyň ýerine ýetiriliş tizligi boýunça Merkezi Aziýa sebitinde iň gysga wagt görkezijisini eýeläp, öňdäki orunlara çykandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň daşary söwda haryt dolanyşygynda we üstaşyr ýük daşamalarynda strategik orna eýe bolan «Artyk» we «Garabogaz» nokatlarynyň döwrebap görnüşde işe girizilmegi halkara hem-de multimodal ulag geçelgeleriniň geçirijilik kuwwatyny has-da artdyrmaga uly itergi berer.
Keywords