Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi şäherleriň we oba ýerleriniň suw üpjünçiligi bilen bagly täze gurluşyk kadalaryny tassyklady. Täze düzgünler 2026-njy ýylyň 26-njy iýunynda degişli buýruk bilen kabul edildi we 29-njy iýulda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alyndy.
«Suw üpjünçiligi. Daşarky torlar we desgalar» atly täze gurluşyk kadalary (TGK 2.04.02-2026) suw üpjünçilik ulgamlaryny taslamak boýunça ozalky düzgünleriň ýerine geçýär.
Täze kadalara laýyklykda, bir adamyň ortaça gündelik hojalyk-içimlik suwuny sarp ediş möçberi ýaşaýyş jaýynyň abadanlaşdyrylyş derejesine baglylykda kesgitlenýär.
Suwa düşýän hammamy (ванный) bolmadyk ýaşaýyş jaýlarynda bir adam üçin gündelik suw sarp ediş görkezijisi 160–200 litr aralygynda bellenildi. Suwa düşýän hammamy we ýerli suw gyzdyryjysy bolan öýlerde bu görkeziji 210–260 litre, merkezleşdirilen gyzgyn suw üpjünçiligi bolan ýaşaýyş jaýlarynda bolsa 300–450 litre çenli ýokarlanýar.
Köçe suw paýlaýjy sütünlerinden peýdalanýan ýaşaýjylar üçin hem aýratyn görkeziji kesgitlendi. Olar üçin bir adam başyna gündelik suw sarp ediş möçberi 30–50 litr aralygynda kesgitlenýär. Suw serişdeleri ýetmezçilik edýän ýagdaýynda bu görkeziji peseldilip bilner.
Şäherleriň we etraplaryň meýilnamalaşdyryş taslamalary taýýarlananda ulanylýan umumylaşdyrylan hasaplamalarda hem täze görkezijiler göz öňünde tutuldy. Şäherlerde gurluşygyň ilkinji tapgyry üçin bir adam başyna gündelik suw sarp ediş 550 litr, geljekki hasaplama döwri üçin bolsa 600 litr möçberinde kabul edildi.
Oba ýerlerinde degişli görkezijiler ep-esli pes bolup, gurluşygyň ilkinji tapgyry üçin 125 litr, hasaplama döwri üçin bolsa 150 litr derejesinde kesgitlenildi.
Täze kadalarda şäherler bilen oba ýerleriniň suw sarp ediş görkezijileriniň arasynda düýpli tapawudyň bardygy görünýär. Bu tapawut ýaşaýyş jaýlarynyň inženerçilik taýdan abadanlaşdyrylyş derejesiniň we suw üpjünçilik ulgamlarynyň aýratynlyklary bilen baglanyşyklydyr.
Resminama diňe bir suw sarp ediş kadalary bilen çäklenmän, eýsem ýangyn söndürmek üçin zerur suw möçberlerine, suw çeşmeleriniň sanitariýa taýdan gorag zolaklaryna, suwy arassalamak we zyýansyzlandyrmak işlerine degişli talaplary hem öz içine alýar.
Şeýle hem suw üpjünçilik desgalaryny seýsmiki taýdan işjeň sebitlerde we çökme häsiýetli topraklarda gurmak boýunça aýratyn tehniki talaplar kesgitlenýär.
Täze gurluşyk kadalarynyň güýje girmegi Türkmenistanda suw üpjünçilik ulgamlaryny taslamakda we ösdürmekde häzirki zaman talaplaryny göz öňünde tutmaga, şeýle hem dürli ýerlerde suw serişdeleriniň ulanylyşyny has takyk meýilleşdirmäge mümkinçilik berer.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.