Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Annaýew ýurtda «Sanly çözgüt – 2026» atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň yglan ediljekdigi barada hasabat berdi. Bäsleşigiň esasy maksady programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Bu gezekki bäsleşik emeli aň, robototehnika, awtomatizasiýa, sanly lukmançylyk, smart-siti hem-de akylly oba hojalyk tehnologiýalary ýaly möhüm ugurlary gurşap alar. Ýaryşyň netijeleri «Türkmentel – 2026» halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde jemlener. «Amul Info»-nyň seljermesine görä, bäsleşige gatnaşan taslamalar milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda önümçilige işjeň ornaşdyrylar. Türkmenistanyň Prezidenti bu teklibi doly makullady.
Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2026» innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
1 min okamak707

Ýurtda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasiýalar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak we goldamak üçin täze taslama badalga alýar.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.