Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Pol Kapur bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň resmi sahypasy habar berýär.

1-nji maýda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň binasynda geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Diplomatlar şu aşakdaky meselelere aýratyn üns berdiler:

  • Aşgabat bilen Waşingtonyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar;
  • Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri;
  • Döwletara baglanyşyklary has-da berkitmek boýunça özara taýýarlyk.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň geljekde hem giňeldiljekdigini we täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyny tassykladylar.

Ýatlap geçsek, Esen Aýdogdyýew 2026-njy ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň ABŞ-daky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenildi. Aprel aýynyň başynda bolsa "Bler-haus" resmi rezidensiýasynda geçirilen dabarada Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny ABŞ-nyň Protokol gullugynyň ýolbaşçysy Monika Krouli gowşurypdy.