
Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Sapar Pälwanow «Norm» platformasynyň «Diplomatic World» bilen bilelikde we «Cardo Brussels»-iň goldamagynda guran «The Talk» atly bilermenler maslahatynyň birinji mejlisine gatnaşdy. Çärä diplomatik wekilleriň ýolbaşçylary, Ýewropa institutlarynyň we işewürlik toparlarynyň wekilleri gatnaşdy.
Gepleşikleriň dowamynda sanlylaşdyrma, emeli aňyň çalt ösmegi we milli kanunçylygy tehnologiki üýtgeşmelere uýgunlaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy. Maglumatlary goramak, kiberhowpsuzlyk we emeli aňy howpsuz ulanmak üçin gurallary kemala getirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasynyň çarşenbe güni beren habarynda aýdylýar.
Türkmen tarapy ýurduň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, elektron döwlet hyzmatlarynyň ösdürilýändigini we öňdebaryjy halkara tejribelerini ornaşdyrmaga taýýardygyny belledi. Ilçi Türkmenistanyň sanly ulgamynda ýewropaly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Şol gün Sapar Pälwanow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň ilçileri bolan kärdeşleri bilen bilelikde Ýewropa Parlamentiniň Belgiýadan bolan deputaty Paskal Arimont bilen duşuşyk geçirdi.
Keywords