
Sanly ulgamda hereket edýän «Internet-bank» hyzmaty arkaly müşderilere banka barmazdan, öz hasaplaşyk hasaplary boýunça galyndylaryny, banka iberilen töleg resminamalarynyň hereketini görmek, hasaplaşyklary geçirmek, karz almak we goşmaça bank hasaplaryny açmak boýunça ýüz tutmalaryny onlaýn görnüşde banka ibermek ýaly amatlylyklardan peýdalanmaga doly mümkinçilik döredilen. Bu amallaryň ählisini günüň bütin dowamynda internet ulgamy bar bolan islendik ykjam enjamlar (şahsy kompýuter, planşet, ykjam telefon) arkaly ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredilen. Hormatly müşderiler! «Internet-bank» hyzmatynyň amatlylyklaryndan peýdalan mak üçin Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz.
Biziň salgymyz: Türkmenabat şäheriniň Ahal köçesiniň 6-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 8 (422) 3-63-30, 3-33-38.
Internet sahypa: www.tbbank.gov.tm
Keywords